Türkmenistanda olimpiýa sportunyň ösüşi uly üstünlikleri nazarlaýar

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji golf kluby açyldy.

 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmekdäki täze başlangyçlaryny alamatlandyrýan Türkmenistanda ilkinji golf klubunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Paýtagtymyzyň sport şäheri derejesine ýene bir artykmaçlyk, syýahatçylyk gyzyklanmalaryna bolsa ägirt uly mümkinçilik goşuldy.

Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde «Ýyldyz» myhmanhanasynyň ýanynda 70 gektar ýerde ýaýylan bu sport desgasy dünýä ýüzünde 50 million adamyň uly gyzyklanma bilen oýnaýan golf sportunyň täze mynasyp meýdançalarynyň birine öwrüler. Munuň üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ummasyz tagallasy siňdirildi. Hormatly Prezidentimiziň sport desgalarynyň kämil derejede bina edilmeginde uly tejribesi bardyr. Ýaňy-ýakynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünlik bilen geçirilen ýeri bolan, düzümine 30-dan gowrak desgany birleşdirýän Olimpiýa şäherçesi-de arhitektura hem niýetleniş aýratynlyklaryna ýokary derejede kybap gelýänligi bilen bu ýere gelen myhmanlaryň ählisini uçdantutma haýran galdyrdy.

Aşgabat golf klubunyň edara binasyny we golf sportunyň aýratyn talaplaryna laýyklykda kebşirlenen çukurjyklaryň 18-sini, emeli derýajygy, dürli şaglawuklaryň, ululy-kiçili suw howdanlarynyň birnäçesini, kiçiräk köli, päsgelçilikleri, çägesöw ýerleri, köprüleriň ençemesini, oýun meýdançalaryna barylýan ýollaryň birnäçe kilometrini özünde jemleýän bu sport desgasynyň gurluşygyny «Myradym» hususy kärhanasy amala aşyrdy. Bu kärhana Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» sport toplumyny hem gurupdy. Kärhananyň şunuň ýaly çylşyrymly gurluşygy bolan desgalary gurmakda toplan tejribesi golf meýdançasynyň gurluşygynda hem uly ýardam berdi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ABŞ-nyň “Niсklaus design” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jek Niklaus bilen birnäçe gezek duşuşyp, maslahatlaşmagy bilen bu gurluşygyň taslama-maslahat beriş işleri ady agzalan kompaniýa tarapyndan ýerine ýetirildi.

 Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, talyp ýaşlaryň, paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlarynyň we daşary ýurtly işewürleriň garaşyp duran ýerine gelýär. Milli lybasly gyzlar gül desselerini gowşurýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar. Adamlaryň abadan durmuşynyň we sagdyn dynç alşynyň mümkinçiliklerine eýe bolan bu desgada halkara çempionatlaryny we dünýä ýaryşlaryny geçirmäge, syýahatçylary çekmäge mümkinçilikler bardyr.

Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýyny has-da belende göterjek ilkinji golf klubunyň açylyş dabarasyna gelen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz hususan-da ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagy ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri aýratyn nygtady. Golf sportunyň biziň milli oýunlarymyza meňzeşligi hakynda bolsa aýratyn nygtamak bilen döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň ýaşlarda çeýeligi, ünslüligi terbiýelän çilik oýnuny ýatlady.

«Häzirki döwürde bu oýun täzeçe döreýär. Dünýäde giňden ýaýran golfuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde ýürek-damar, süýjükesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglar golfuň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýar» diýip, milli Liderimiz belledi.

 Hormatly Prezidentimiz olimpiýa sporty ýokary derejede ösdürilýän Türkmenistanda golf sportuny giňden ösdürmegiň anyk maksatnamalara daýanýandygyny we bu ugurdaky ilkinji ädimi alamatlandyrýan sport desgasynyň Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ildeşlerimize täsin sowgat boljakdygyny nygtady.

Soňra “Niсklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausa söz berildi. Myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň dünýäde meşhur sport görnüşleriniň biri bolan golfy ösdürmek ugrunda ummasyz tagalla edenligini nygtap, Türkmenistanyň dünýä ýüzünde olimpiýa sportuny ösdürmekdäki başlangyçlarynyň has-da guwandyryjydygyny belledi. 2016-njy ýylda Braziliýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamsyna girizilen golf sportuna dünýä ýüzünde 40 döwletiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda golfy ösdürmegiň bäş ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek tomusky olimpiadada Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini, bu babatda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilige eýedigini nygtady. Golf sportuny ösdürmekde dünýä ýüzünde belli hünärmen hökmünde tanalýan myhmanyň bu beren bahasy bizi buýsandyrýar.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň golf meýdançasyna barmagy we golf taýagyny eline alyp, ilkinji urgyny geçirmegi bilen Aşgabat golf klubunyň işine hem-de ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine badalga berildi.

Sekuntda 14 metr tizligi bolan garşylyklaýyn ýeliň öwüsýändigine garamazdan, döwlet Baştutanymyz ilkinji urguda topy 75 metr aralyga gönükdirdi. Golf sportunda ilkinji urgudygyny göz öňünde tutanyňda bu ýokary netijedir.

Türkmenistanyň ilkinji golf meýdançasyny talabalaýyk saklamak we ideg etmek maksady bilen meýdançanyň otuny çyrpmak, ýere dökün dökmek, ony iýmitlendirmek, kislorod bilen baýlaşdyrmak hem-de çäge bilen örtmek, meýdançalary arassalamak, tohum sepmek üçin enjamlar ABŞ-nyň (“John Deere”, “Toro” we “Ezgo”), Ýaponiýanyň (“Kubota”) we Beýik Britaniýanyň (“Greentek” hem-de “Bernhard”) önüm öndürijilerinden satyn alyndy.

Suwaryş ulgamynda Amerikanyň öňde baryjy “Toro”, “Watertroniсs” we “Paige” kompaniýalarynyň önümleri ulanylýar. Bu tehnikalaryň kömegi bilen suwaryş işleri kesgitlenen tertipde awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Mundan başga-da golf meýdançasynda ulanylan ähli serişdeler oýnuň dörän ýeri bolan Şotlandiýadaky ýörite barlaghanalarda synagdan geçirildi. Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Gökdepe” karýerinden alnan arassalanan çäge hem şotlandiýaly hünärmenler tarapyndan seljerildi we golf meýdançalaryny döretmek üçin ýaramly diýlip ykrar edildi.

 Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň girelgedäki toý bagyny kesmegi bilen Aşgabat golf klubunyň edara binasy hem açyldy. 4,5 müň inedördül metr meýdany bolan iki gatly bina tegelek görnüşlidir. Iş otaglary, fitnes zaly, spa salony, dynç alynýan otaglary we esbaplary saklamaga niýetlenen otaglary, garbanyşhanany, restorany hem-de golf oýnamak üçin zerur bolan zatlar satylýan dükanlary bolan binada hormatly Prezidentimiz dükanlara we fitnes zalyna baryp gördi. Bu binada golf oýnuny öwrenmek üçin niýetlenen dürli hili okuw maksatly döwrebap mümkinçilikleriň hemdöredilmegi türkmen ýaşlarynda bu sporta bolan uly gyzyklanmany oýarýar. Golf klubunyň ygtyýarynda ýeňil hem-de ekologiýa taýdan arassa ulagy öndürmekde belli E-Z-GO kompaniýasyndan satyn alnan golfkarlaryň 30-sy bardyr. Binanyň ýerzemin gatynda ol elektromobiller üçin niýetlenen garaž ýerleşýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz ajaýyp amerikan golf oýunçysy Jek Niklausy kabul etdi. Häzirki wagtda ol “Niсklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory bolup durýar. Duşuşykda Türkmenistanda we dünýäde golf oýnuny ösdürmekde ýola goýlan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri hakynda pikir alşyldy. Mähirli duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz bu sport desgasynyň açylyşyna gatnaşmaga gelen dünýä belli golfçulary hem söhbetdeşlige çagyryp, şu gün bu sport desgasynda geçiriljek ilkinji ýaryşlara ak pata berdi we üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 17-nji oktýabr Türkmenistanyň taryhynda ýene bir del hem uly gyzyklanma eýe bolan olimpiýa sportunyň ilkinji ädimleriniň taryha ýazylan güni boldy.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda Aşgabadyň golf meýdançasynda dünýä ýüzünden gelen golfçularyň ilkinji görkezme çykyşlary we ýaryşlary geçirildi. Dünýä ýüzünden geljek syýahatçylaryň ünsüni çekjek bu sport desgasynda ussatlyk sapaklary, golf boýunça okuw sapaklary, milli we halkara derejeli ýaryşlar geçiriler. Sportuň naýbaşy görnüşi bolan golf döwletimiziň goldawy bilen köpçülikleýin häsiýete eýe bolar.

"Nesil" gazeti,

19.10.2017ý.

Meňzeş habarlar