KITAP – PAÝHASLAR UMMANY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy», «Döwlet guşy» şeýle-de «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserleriň ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, şeýle-de pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelerimize sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini düşündirmek maksady bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan okalan jümleler, rowaýatlar, paýhasly pikirler çärä gatnaşyjylaryň Watanymyza bolan buýsançlaryny, söýgülerini has-da artdyrdy.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 35 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 36 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 27 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY