AWAZA – DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän körpe nesillerimiziň asuda, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly günler bilen dowam edýär.

     Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dabaraly çäre geçirildi. Çärede ir säher bilen Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan çagalar we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar güler ýüz bilen, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandylar. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda körpeler eziz Diýarymyzy, dost-doganlygy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy uly buýsanç bilen wasp etdiler.

 

Akmuhammet NAZAROW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 39 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 40 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 35 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY