DANALARDAN DÜRDÄNELER

  • Ynsana gol-ganat akyldyr.
  • Älemiň aýbyny aýdan gaty köp wagt ýitirer. Öz aýbyny gören bagtly adamdyr.
  • Näme diýýäniň däl-de, nähili kabul edýäniň wajypdyr.
  • Gözleriň reňki başga bolsa-da, gözýaşlaryň reňki birdir.
  • Gabyň içinde näme bolsa, dökülýänem şodur.
  • Ýere-göge sygmaýan gam iňňe gözi ýaly köňle sygýar.
  • Kämil adam topraga el ýetirse, altyn bolar. Ýeňles altyn kümüş tutsa toz-toprak bolar.
  • Garynja harmany görmän, bir dänejigi süýrär gider.
  • Teşneler älemde suw gözlärler, suwam jahanda teşne gözlär.

 

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar