3-nji iýunda Dünýäniň köp döwletlerinde ilkinji gezek bellenilip geçirilýän Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda uly dabara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan bu sene Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlykly, hoşniýetli gatnaşyklaryny alyp barýan ýurtdugyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şol gün irden Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi paýtagtymyzda — Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýlaw çatrygynyň golaýynda ýygnandylar. Bu ýerde, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga alýan künjeginde olar milli Liderimizi ýokary ruhubelentlik bilen garşyladylar. Ýurt Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasyny gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Soňra «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili Şeýda Subaşi 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça Okuw sapagyny geçirmekde dünýäniň täze rekordynyň goýlandygyny habar berdi. Welosiped sürmek boýunça okuw sapagy bilen birlikde, ýol hereketiniň howpsuzlygy we ekologiýa gatnaşyklary boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilen bu ýörişine 3246 adam gatnaşdy. Bu sanaw häzirki güne çenli welosport boýunça türgenleşik sapaklaryna gatnaşanlaryň — iň köp sanlysydyr. Bu maglumat «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel keşbi we sabanyň sergin howasy ägirt uly welosipedli ýörişe aýratyn röwüş çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Köpetdag şaýoly boýunça 8 müň 500 metr ýoly geçip, Saglyk ýolunyň gutarýan ýerinde pellehanageldi. Bu ýerde ýurt Baştutanymyz Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş bolup, şu ýyl Türkmenistanda «Amul — Hazar2018» halkara awtorallisi hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýändigini belläp, olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Hormatly Prezidentimiz dynç gününde sport maşklaryny ýerine ýetirmek adatyna eýerip, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine tarap ugrady. Beýleki welosipedçiler bolsa paýtagtymyzyň köçeleri boýunça hereketi dowam etdiler, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň umumy uzynlygy 30 kilometre deň boldy. Türkmenistanyň daşaryýurtlardaky ilçihanalary welosiped ýörişlerini guradylar. Şeýle ýörişler türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýurdumyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
“Nesil” gazeti,
05.06.2018ý.












