MATA GURAMA IŞI

Türkmen halkynyň medeni mirasyndan, däp-dessurlaryndan, gözbaş alýan amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen mata gurama işi özüniň köp öwüşgünliligi we rejeli gurnalyşy bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen owunjak mata bölejiklerini birikdirip emele getirýän taslamasy, bezeg işleriniň gadymy hem naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Milli mirasymyz halkymyzyň ruhy durmuşynyň aýnasydyr. Ene-mamalarymyz ir döwürlerden bäri ownuk mata böleklerinden gurama we gurama önümlerini tikipdirler. Sada ýaly görünse-de, gurama tikmek hem, zenanlardan inçe döredijiligi talap edýär. Bu el hünäri zenanlaryň milli köýnekleriniň ýeňiniň el sapynda, ýakanyň iki gapdalynda we arka tarapyndaky sanjaklarynda, geýimlerde, kürtelerdir çyrpylaryň ýeňleriniň ujynda ulanylypdyr.

Ondan başga-da, çaga egin-eşikleri bolan kürtekçeleriň, gulakjyndyr sümmen tahýalarynyň mata gurama usulynda bezelendigini görmek bolýar. Mata gurama önümlerini taýýarlamak Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda giňden ýaýrandyr. Balkan welaýatynda halylaryň nusga nagyşlarynyň şekili gurama önümlerinde-de ýerine ýetirilýär. Bu owadan milli nagyşly taslamalary çaga we uly adamlar üçin niýetlenen ýorgan-düşekleriň daşlarynda, saçakda, çäýnek daşlyklarynda, perdelerde, örtgülerde peýdalanylypdyrlar. Enelerimiz gadymy döwürlerde: «Täze maşgalada perzentler durnalaryň hatary kimin köp bolsun!» diýip gyz durmuşa çykanda, merkezine 24 sany «durna hatar» nagşy salnan ýorgany gyz sepiniň ýany bilen beripdirler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda guralýan amaly haşam sergilerinde gurama önümleriniň dürli görnüşleri sergilenýär. Bu hünäriň ýitip gitmezligi we kämilleşmegi üçin guralýan sergileriň terbiýeçilik ähmiýeti örän ulydyr. Gadymy senetlerimizi öwrenmäge, kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent tutumlary rowaçlyklara beslensin.

Sülgün PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2025 | 16 okalan

MATA GURAMA IŞI

02 Dekabr 2025 | 20 okalan

PARAHAT ÝURDUMYZYŇ GUJURLY ÝAŞLARY