PARAHAT ÝURDUMYZYŇ GUJURLY ÝAŞLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda eziz Diýarymyzda sungatda, medeniýetde, ylym-bilim ulgamlarynda, içeri we daşary syýasatda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen halkynyň sungatyň dili bilen adamzady parahatçylyga çagyrýan nusgawy eserleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem halkymyzyň baý taryhyny, şu günümiziň üstünliklerini, ynsanperwer ýörelgelerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly «Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr». Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň, uçurymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň bäsleşik sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu bäsleşik sergisinde ýaş suratkeşleriň, halypa mugallymlaryň we akademiýamyzyň zehinli talyp ýaşlarynyň parahat ýurdumyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, tebigatymyzyň gözelligini wasp edýän nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty bolan halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk hem-de sungaty öwreniş hünärlerine bagyşlanyp ýerine ýetirilen birnäçe ajaýyp eserlerinde sungatyň ýokary çeperçilik ähmiýeti barada beýan edilýär.

Sergide «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mahym Rejepowanyň «Bitaraplygyň waspy», «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Arzuw Ataýewiň «Bitaraplyk toýy» atly eserlerinde baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny, şanly Garaşsyzlygymyzy suratlandyrýarlar.

Çeper döredijilikli eserlerde ýaşlarymyzyň yhlas bilen çeken zähmetiniň netijesini duýmak bolýar. «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanowyň «Parahatçylyk sazy, dost-doganlyk sazy» atly nakgaş eserinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň döwrebap desgalaryň binagärlik keşbini şekillendirip, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we halkara gatnaşyklaryň ajaýyp gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Sümmilaý Huddyýewanyň «Erkana» atly eserinde bolsa, parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler eziz Watanymyzyň arassa asmanyny bezeýär. Çünki parahat ýurtda erkanalyk, abadançylyk höküm sürýär. Parahat ýurtda täze binalar gurulýar, bagtly ýaşaýşa gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Parahat Watanymyz çogly güneş kimin bütin dünýä asudalyk şöhlesini saçýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymlary Bakygeldi Sytdykowyň «Çeşme», Maksat Hudaýberdiýewiň «Şeýda», «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň talyby Mähri Çaryýargulyýewanyň «Bereketli türkmen saçagy» we başga-da birnäçe natýurmort eserlerinde türkmen halkynyň millilikleri we ene topragymyzyň peşgeş beren naz-nygmatlary örän inçelik bilen şekillendirilýär.

Gujurly ýaşlarymyzyň giň many-mazmuna ýugrulan eserleri, sungatyň çeper sazlaşygynyň ruhy şöhlelenmesini emele getirýär. Ýaş suratkeşler dürli reňk öwüşginleri sazlaşdyryp, türkmen halkynyň milliliklerini, ýurdumyzyň beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny suratlandyrýan, Watanymyzyň gözel tebigatyny hem-de taryhy ýadygärliklerini ussatlyk bilen wasp edýärler.

«Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly bäsleşik sergisinde görkezilen eserler, her bir tomaşaçyda özboluşly täsir galdyrdy. Sergide ýaş suratkeşler öz eserlerinde ýagty öwüşginler arkaly parahat ýurdumyzda päkize asmanymyzy, agzybir halkymyzy, dost-doganlyk gatnaşyklary, çagalaryň bagtyýar durmuşyny beýan edýärler. Ýagly boýaglaryň ýiti öwüşgini, reňkleriň baý hereketi eserleriň mazmunyny giňişleýin açyp görkezmäge ýardam berýär. Tebigatyň şeýle gözelligini uly göwrümde ýerine ýetirmegi talybyň gujur-gaýratyny, ýiti zehinini subut edýär.

Minajet PIRBABAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2025 | 9 okalan

MATA GURAMA IŞI

02 Dekabr 2025 | 14 okalan

PARAHAT ÝURDUMYZYŇ GUJURLY ÝAŞLARY