MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

Her bir millet öz taryhy, däp-dessurlary, dili we medeniýeti bilen tanalýar. Medeni miras – halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ruhy we maddy baýlyklarynyň jemidir. Ol halkyň geçmişini, şu gününi we geljegini biri-birine baglaýan ruhy köprüdir. Şonuň üçin hem medeni mirasy goramak we ýaş nesillere geçirmek milletiň özboluşlylygyny gorap saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň medeni mirasy örän baý we köptaraplydyr. Ata-babalarymyzyň döreden halyçylyk, zergärçilik, aýdym-saz sungaty, halk döredijiligi, milli däp-dessurlary halkymyzyň döredijilik zehininiň beýanydyr. Türkmen halysynyň her bir nagşynda, halk aýdymyň owazynda ýa-da rowaýatlarda halkymyzyň batyrgaýlygy, durmuş tejribesi, milli dünýägaraýşy şöhlelenýär.

Medeni mirasyň goraglylygyny üpjün etmek döwlet derejesinde möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistanda medeni gymmatlyklary goramak, olary öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen gymmatlyklarynyň birnäçesi dünýäniň maddy we maddy däl mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa halkymyzyň baý ruhy dünýäsiniň dünýä derejesinde tanalýandygyny äşgär edýär.

Medeni miras häzirki döwürde hem jemgyýetiň ruhy ösüşinde, ýaşlaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde uly ähmiýete eýedir. Medeni miras — milletiň ruhy güýjidir. Ony goramak, öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Halkyň geçmişine, medeni mirasyna sarpa goýmak onuň geljegine ýol açmakdyr.

Leýla AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 56 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 48 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

19 Noýabr 2025 | 137 okalan

GYZ EDEBI — IL EDEBI (DÖWÜR WE TERBIÝE)