«TÜRKMENTEL – 2025» ATLY HALKARA SERGINIŇ WE YLMY MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE HALKARA STARTAP FORUMY IŞLÄP BAŞLADY

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel – 2025» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan halkara startap forumy işläp başlady.

Forum ruhlandyryjy telekeçileri, döwlet işgärlerini we täzelikçilerini pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy ýola goýmak we innowasiýalar gün tertibini öňe sürmek maksady bilen birleşdirdi.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri H.Hudaýgulyýew giriş sözüni aýdyp, innowasiýalary durnukly ösüşiň we sanly özgertmeleriň esasy faktory hökmünde belledi. Ministr bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylan birnäçe möhüm netijeleri, şol sanda Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we Döwlet maksatnamasynyň işlenip düzülmegini, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi belläp geçdi. Ministr startap-ekoulgamy ösdürmek boýunça möhüm başlangyç hökmünde «Sanly çözgüt» milli IT meýdançasyny döwrebaplaşdyrmagy kesgitledi.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan sanly özgertmeleriň durnukly ösüşiň esasy bolup durýandygyny belläp, tehnologiýalaryň milli ösüş üçin özgerdiji güýjüni nygtady. Saakýan hanym öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysady mümkinçilikleri döredip we adamlaryň durmuşyny gowulandyryp biljekdigine, ýöne munuň diňe ynamdar ulgamlar gurlanda, ýeterlik başarnyklar ösdürilende we ähli adamlara, şol sanda aýallara we ýaşlara innowasiýalaryň peýdalarynyň inklýuziw we adalatly elýeterliligini üpjün edýän medeniýet emele getirilende mümkin boljakdygyna ünsi çekdi.

BMGÖM-iň halkara geňeşçi Bagrat Ýengibarýan öz çykyşynda IT meýdançasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Ýol kartasy bilen tanyşdyrdy. Ol bu toplumlaýyn çarçuwaly maksatnamanyň türkmen halysynyň milli nagyşlarynyň leýtmotiwi bolup hyzmat edýän bäş sany innowasion ekoulgam elementine esaslanýandygyny aýratyn belledi.

Bu ulgamyň möhüm elementleriniň biri – ösüşi herekete getirýän adamlar – zehinlerdir. Ýol kartasy sanly özgertmeleriň iň geljegi uly pudaklaryny özünde jemleýär we täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem Türkmenistany global innowasion ekoulgama integrirlemäge itergi bermäge gönükdirilendir.

Bilermen dünýäniň çalt üýtgeýändigini nygtady. 15 ýyl mundan ozal esasy «oýunçylar» energetika kompaniýalary bolan bolsa, häzir olar tehnologiýalardyr. Üstünlikli ösüş üçin emeli aň ýaly innowasiýalary ulanmakda ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak örän möhümdir.

Geňeşçi öz çykyşyny güýçli metafora bilen jemledi: IT-meýdança Türkmenistanyň ähli innowatorlary üçin «öý» bolmaly, pikirleriň kämilleşdirilip we hakyky taslamalara öwrüljek möhüm giňişligi bolmalydyr.

BMGÖM sanly özgertmeleri öňe sürmekde, innowasiýalary höweslendirmekde we adamlara gönükdirilen inklýuziw ösüşi üpjün etmekde Türkmenistana goldaw bermegini dowam etdirýär. Maýa goýumlar we tehnologiýalar diňe bir sözler däl, eýsem, ýurdumyzyň sanly geljegine alyp barýan anyk ädimlerdir.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar