BAGTYÝAR NESILLER – DURMUŞYŇ GÜL GUNÇASY

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň gurnamagynda ýaşlaryň ugur tapyjylygyny hem-de başarnyklaryny artdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen Daşoguz welaýat Saglygy-dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Bagtyýar nesiller – durmuşyň gül gunçasy» atly şygar astynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik diýseň gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýa eýe bolup, onda okuwçylar öz ukyp-başarnyklaryny, erjelliklerini görkezdiler. Ýeňiş gazanan hem-de işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan okuwçylar, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, sagdyn ösmekleri we zehinlerini açyp görkezmeklerinde döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülruh ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2025 | 92 okalan

ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN!

14 Noýabr 2025 | 85 okalan

ÝURT ABADAN — IL ABAT

14 Noýabr 2025 | 131 okalan

WATANYŇ BUÝSANJY BAGTYÝAR ÝAŞLAR