MAŞGALAM – BAŞ GALAM

Golaýda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň gurnamagynda ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda maşgala gatnaşyklary we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalar hakynda bellenilip geçildi. Şeýle hem, maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryň kanunçylyk namalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi, ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary bu günki bagtyýarlyk döwrümizde nusgalyk mekdep hasaplanylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 14 okalan

TEBIGY BILIMLER HEPDELIGI

13 Noýabr 2025 | 15 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM