GEÇMIŞI BUÝSANÇLY, GELJEGI RÖWŞEN

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, Kerki etrap bilim bölüminiň, Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Kerki etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Geçmişi buýsançly, geljegi röwşen» atly gezelenç çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda okuwçylar muzeý gymmatlyklary bilen giňişleýin tanyşdylar. Şeýle-de, türkmen halkynyň baý milli mirasynyň ýaşlaryň terbiýesindäki orny, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri ösdürmekdäki orny hakynda gürrüňler edildi.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar, şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, uly şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 20 okalan

TEBIGY BILIMLER HEPDELIGI

13 Noýabr 2025 | 20 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM