Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň B.S.Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli dürli ulgamda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň we myhmanlaryň gatnaşmagynda “Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we dostlugyň mekany” atly aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi.
.jpg)
Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň aýdyň ýollary bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güniniň 34 ýyllygy, guramanyň alyp barýan işleri, edara-kärhanalar, ýokary we orta hünär mekdepleri bilen bilelikde geçirilýän dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri baradaky çykyşlara giň orun berildi.
Şeýle hem çärede çykyş edenler giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri kemala getirmegiň, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin şertleri döretmegiň, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmagyň, halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemegiň Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolup durýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Orazgül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni.












