WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäheriniň 2-nji orta mekdebinde “Arassa ruhly tämiz halk beýikdir” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Selbi Çolukowa hem-de 2-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Durdyýewa dagylar çykyş edip, olar öz çykyşlarynda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeginiň möwsümleýin ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Kemal ÝAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

12 Noýabr 2025 | 26 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 24 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Noýabr 2025 | 74 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI