Düýn ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäheriniň bölüminiň, Arkadag şäher Bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde yglan etmeginde «Zehinli gyzlar – ajaýyp sungaty döredýän gözeller» ady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň her birinden üç sany mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy terbiýelemek, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine bolan ukybyny ýokarlandyrmak, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmak, olaryň jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşmaklygyny gazanmak we amaly-haşam sungatynyň görnüşleri boýunça jorap dokamaga, keşde çekmäge, haly önümlerini dokamaga bolan söýgüsini has-da artdyrmak hem-de başarnygyny açyp görkezmek, çeper elli okuwçy gyzlary ýüze çykarmak, şeý-de gyzlar gurnaklarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç şertden ybarat boldy.

Bäsleşikde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň «Älem sazlaşygy», Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň «Çeper elli gözeller», Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň «Zemin lälesi», Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň «Bägül gyzlar» hem-de Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň «Tumar» gyzlar gurnaklary özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjylar hünär saýlap almagy, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmekleri üçin Arkadag şäherinde döredilýän mümkinçilikler barada öz bilim alýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işiniň üsti bilen ýerine ýetirýän hünärini şahyrana wasp etdiler hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan milli däpler bilen baglanyşykly, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary, aýdymlary, rowaýatlary ýerine ýetirdiler.
Ikinji şertinde bäsdeşler Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarmadyk işini eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirdiler. Bu şertde okuwçy gyzlar bellenilen on bäş minudyň dowamynda jorap dokamak, keşde çekmek, haly önümlerini dokamak bilen, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar.
Bäsleşigiň üçünji şertinde gyzlar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli joşgunly goşgulary, aýdymlary, sahna çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Gyzgalaňly we ruhubelent ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça baş baýraga Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň «Zemin lälesi» gyzlar gurnagy, birinji orna Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň «Älem sazlaşygy», ikinji we üçünji orunlara, degişlilikde Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň «Bägül gyzlar» gurnagy hem-de Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň «Çeper elli gözeller», Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň «Tumar» gyzlar gurnaklary mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.












