MUZEÝDE TARYH JANLANÝAR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda şol orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Muzeýde taryh janlanýar» atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi.

Geçirilen bu çärede geçmiş taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler hakda söz açýan arheologik tapyndylar, fotosuratlar hem-de edermenlikde, wepadarlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen alabaýyna bagyşlanyp döredilen sungat eserlerini synladylar. Muzeýde türkmen halkynyň şöhratly geçmişi we häzirki şanly günleri barada talyplar özlerine gerekli maglumatlary aldylar. Geljekde ata Watana, il-güne wepaly bolup ýetişjek ýaşlar gyzykly geçen gezelenç çäresinde geçmiş taryhymyz barada köp zatlary öwrenendiklerini uly buýsanç bilen aýtdylar.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzyň baý medeni gymmatlyklary bilen tanyş bolmaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Arazdurdy JÜMMIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 67 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 49 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI