Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap häkimliginiň, Esenguly etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak, nika bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen «Maşgala mukaddesligi – mertebe mekdebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgalanyň iki sany deň adamdan başlap «Maşgala jemgyýetiň öýjügi» diýen düşünjeden gelip çykýandygyny, maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýandygyny, maşgalanyň agzybirligi, jebisligi jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirýändigini, türkmençilikde maşgala bitewiligini ähli zatdan belentde tutmak, bu babatda agzybir maşgalany hem döwletli hasaplaýandyklaryny belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












