ÝAŞLARYŇ HUKUK MEDENIÝETINIŇ ÖSÜŞI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetde hukuk kadalarynyň ornaşmagy, tertip-düzgüniň berkarar bolmagy, raýatlaryň öz hukuklaryny we borçlaryny doly derejede bilmegi döwlet ösüşiniň möhüm şerti hasaplanylýar. Bu işde jemgyýetiň iň işjeň gatlagy bolan ýaşlaryň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ýaşlar geljegiň eýeleri bolmak bilen, häzirki döwrüň ösüşlerine hem gönüden-göni täsir edýän güýçdir.

Hukuk medeniýeti hakynda söhbet açylanda bilmeli zatlarymyzyň biri ol diňe kanunlary bilmek bilen çäklenmeýär, eýsem olara hormat goýmak, hukuk kadalaryna laýyklykda hereket etmek, jemgyýetde tertip-düzgüni saklamak ýaly düşünjeleri özünde jemleýän giň düşünjedir. Her bir adamyň şahsy medeniýeti onuň hukuk garaýyşlarynyň derejesine görä hem ölçenýär. Şonuň üçin ýaş nesliň hukuk taýdan sowatly, kanunlara we jemgyýetçilik kadalaryna hormat goýýan şahs hökmünde kemala gelmegi döwletimiziň esasy maksatlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynda ýaşlaryň hukuk düşünjesini ýokarlandyrmak möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezilýär. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda geçirilýän hukuk-terbiýeçilik sapaklary, ýörite okuwlar, okuwçylar we talyplar üçin guralýan bäsleşikler, maslahatlar ýaşlaryň hukuk medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle çäreler ýaşlara diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, olaryň içki ynamyny, jogapkärlik duýgusyny we jemgyýetde öz ornuna bolan düşünjesini-de artdyrýar.

Hukuk medeniýetiniň ösüşinde ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy jemgyýetde tertip-düzgüniň berkidilmegine hem hyzmat edýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerini, arassaçylyk, tertip-düzgün.we milli kanunçylyk bilen bagly ýaşlaryň arasynda geçirýän maslahatlary, olarda raýat jogapkärligini duýmak endiklerini terbiýelýär.

Döwrebap döwrüň aýratynlygy bolan, sanly jemgyýetiň emele gelmegi bilen baglylykda, hukuk medeniýetiniň täze mazmun bilen baýlaşmagydyr. Internet giňişliginde hem hukuk düşünjesine eýe bolmak, maglumatlary dogry ulanmak, başga adamlaryň hukuklaryny bozman hereket etmek ýaşlaryň sanly jemgyýetde medeni gatnaşygyny üpjün edýär. Şonuň üçin häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda sanly hukuk sowatlylygyny ösdürmek hem döwletiň möhüm ugurlarynyň biridir. Kanuna hormat goýýan, kanuna laýyk hereket edýän ýaş nesil — döwletimiziň ýagty geljeginiň kepilidir. Şeýle ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi ata Watanymyzyň berkararlygyny hem-de durnukly ösüş ýoluny üpjün edýär.

Timur ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

institutynyň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar