WATANYMYZYŇ BERKARARLYGYNYŇ, HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ WASPY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň waspy» atly şygar astynda aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Geçirilen çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak hem-de ösdürmek babatdaky giň möçberli tutumlary arkaly tutuş dünýäde meşhurlygy barha artýan ata Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler, ilkinji nobatda ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyna gönükdirilendigi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler hem-de ýokary ruhubelentlige beslenen medeni çärede sungat ussatlarynyň baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Aýdym-sazly medeni çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, bagtyýar halkymyzy şeýle eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annajemal NURJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar