Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda welaýatymyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle täsirli duşuşyklar Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji we 46-njy orta mekdeplerinde geçirilip, oňa okuwçy ýaşlar, şeýle hem bilim işgärleri we mährem eneler gatnaşdylar.
«Gyz edebi — zenan gözelligi» atly duşuşyklarda milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, ahlak kadalary, urp-adatlar, gelin-gyzlaryň edep-ekramy baradaky çykyşlara aýratyn üns çekildi. Watanymyzda maşgalany goramakda, maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmekde alnyp barylýan işler, maşgala mukaddesligi hakda aýdylanlar hem täsirli boldy.
Duşuşyklara gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn ruhly kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Annadurdy WALLAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.