WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 25-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmegi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen “Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagly Gahryman Serdaryň göreldesi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň baş hünärmeni Tawus Aşyrowa hem-de 25-nji orta mekdebiň müdiri Aýsoltan Rozyýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ynsan saglygynyň berk bolmagyna we ömrüň uzak bolmagyna uly täsiriniň bardygyny belläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetde ornaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, mynasyp bilim-terbiýe almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulhan SERHEŇOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Oktýabr 2025 | 3 okalan

DIL BILEN DÜNÝÄNI GEZER

21 Oktýabr 2025 | 57 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Oktýabr 2025 | 89 okalan

HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ BEÝANY