IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY SAGLYK SYÝASATYNYŇ DABARALANMAGYDYR

Ýakynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap, şäher häkimlikleriniň, syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Baýramaly şypahanasynyň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Baýramaly şypahanasynda «Il saglygy – ýurt baýlygy saglyk syýasatynyň dabaralanmagydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Oňa Baýramaly etrap, şäher edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hem-de bilim alýan bagtyýar ýaşlar, saglyk ulgamynyň wekilleri we il sylagly ýaşulylar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren birnäçe bapdan ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ajaýyp ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alyp, döredijilik sergisi hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Serginiň çäklerinde ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de öz topragymyzda bitýän, jana melhem bolýan dermanlyk ösümlikleriniň adam saglygyny berkitmekde ýetirýän peýdalary dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Dabaranyň dowamy medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly we görkezme çykyşlary bilen şatlyk-şowhuna beslenip dowam etdi.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar ýaşlaryň we ýaşuly nesillerimiziň ählisi ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagy hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň giňden dabaralanmagy babatynda tutanýerli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 36 okalan

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

17 Oktýabr 2025 | 39 okalan

MEKDEP MUZEÝINE GEZELENÇ GURALDY

17 Oktýabr 2025 | 28 okalan

BITARAPLYK – BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY