HARMANYŇYZA BEREKET EDERMEN BABADAÝHANLAR!

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, Boldumsaz etrap häkimligi we etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň pagta ekilen meýdanlarynda «Harmanyňyza bereket edermen babadaýhanlar!» atly şygar astynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada etrabyň medeniýet merkeziniň işgärleriniň taýýarlamagynda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi, gelin-gyzlaryň el işleriniň sergileri gurnaldy. Pagtaçy ýygymçylarymyzy höweslendirmek üçin bolsa jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda edermen daýhanlar oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, ýerden bol hasyl almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Laçyn AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz

etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 22 okalan

BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ

17 Oktýabr 2025 | 11 okalan

HARMANYŇA BEREKET – ÖMRÜŇE BEREKET

17 Oktýabr 2025 | 13 okalan

HARMANYŇYZA BEREKET EDERMEN BABADAÝHANLAR!