Mekdep okuwçylaryň arasynda «Ilkinji ýüzlük» atly telebäsleşigi geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
1.Umumy düzgünler
1.1.Umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryň arasynda «Bilim üstünlige eltýän ýol» atly ders telebäsleşigini geçirmegiň düzgünnamasy (mundan beýläk – Düzgünnama) «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 11308-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakynda Düzgünnamanyň bäşinji bölegine laýyklykda, dersler boýunça bilim edaralarynyň etrap, welaýat, umumy döwlet hem-de halkara derejelerinde bäsleşiklerini guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy we bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň (mundan beýläk - Telebäsleşik) düzgünini kesgitleýär.
1.2.Telebäsleşik Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi boýunça alyp barýan bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmek, Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň döwrüň talabyna laýyk bilim almak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, bilim ulgamyndaky ösüşleri wagyz etmek, olary höweslendirmek hem-de olaryň alýan biliminiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler, we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň (mundan beýläk-Guramaçylar) gurnamagynda geçirilýär.
2.Telebäsleşigiň geçiriliş tapgyrlary
2.1.Telebäsleşik 1-2-3-4-nji synplar üçin geçirilýär;
2.2.Telebäsleşik Guramaçy topary tarapyndan tassyklanan sowallardan ylalaşylan senede geçirilýär;
2.3.Telebäsleşigiň sowallary teleýaýlym arkaly okuwçylara ýetirilýär, SMS arkaly jogaplar kabul edilýär we turkmentv.gov.tm saýtyndan netijeler dessine görkezmek arkala geçirilýär.
2.4.SMS-leriň wagty hökmünde websaýta gelen wagty hasaba alynýar;
2.5.Telebäsleşik 2025-2026 okuw ýyly gutarýança dowam eder. Bäsleşik her 4 sanyndan bir tapgyry jemlener we 100(ýüz) sany ýeňiji yglan ediler. Her tapgyryň ýeňijileri ýylyň soňunda şahsy gatnaşyk esasynda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar;
3.Telebäsleşigi guramak we geçirmek
3.1.Telebäsleşigiň Guramaçylary onuň üstünlikli geçirilmegi üçin aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýärler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi:
1) Telebäsleşigiň düzgünnamasyny resmi ýollar arkaly ähli mekdeplere ýetirýär;
2) Degişli dersler boýunça ýumuşlaryň, sowallaryň goruny taýýarlap Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine berýär;
3) Guramaçylyk toparynyň düzümine gatnaşýar;
4. Telebäsleşige degişli maglumatlary, şol sanda her tapgyryň netijelerini education.gov.tm saýtyna ýerleşdirmegini üpjün edýär.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti:
1) Telebäsleşigi teleýaýlym arkaly halk köpçüligine ýetirilmegini üpjün edýär;
2) Telebäsleşigiň ýazgy ediljek wagtyny Guramaçylar bilen ylalaşýar;
3) Telebäsleşigi tele we radio ýaýlymlarda mahabatlandyrýar;
4. SMS hyzmaty bilen üpjün edýär;
5) Her SMS-iň 1 manat möçbere deňdigini ýaýlymda belläp geçýär;
6) Telebäsleşigiň netijeliligini ýokarlandyrjak hemaýatkärleri gözleýär we şertnama baglanyşýar;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy:
1) Telebäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylary höweslendiriji sowgatlar bilen üpjün edýär;
2) Guramaçylyk toparynyň düzümine gatnaşýar;
3) Telebäsleşige degişli maglumatlary, şol sanda her tapgyryň netijelerini tstp.gov.tm saýtyna ýerleşdirmegini üpjün edýär.
4) Ýaşlaryň arasynda gazanylan üstünlikleri wagyz edýär;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:
1) Telebäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylary höweslendiriji sowgatlar bilen üpjün edýär;
2) Guramaçylyk toparynyň düzümine gatnaşýar;
3) Telebäsleşige degişli maglumatlary, şol sanda her tapgyryň netijelerini yashlar.gov.tm saýtyna ýerleşdirmegini üpjün edýär.
4) Ýaşlaryň arasynda gazanylan üstünlikleri wagyz edýär;
4. Telebäsleşigiň şertlerine, test sowallaryna we ýumuşlaryna talaplar
4.1. Telebäsleşigiň ugurlary boýunça test sowallaryna we ýumuşlaryna aşakdaky talaplar bildirilýär:
4.2. Mazmuny boýunça degişli dersiň, synplaryň maksatnamasynyň çäginden çykmaly däldir;
4.3. Test sowallary anyk jogaplary talap edip, olar düzülende hiç-hili nätakyklyga ýol berilmeli däldir;
4.4. Test sowallarynyň her biriniň 4 dürli jogaby bolup, ol jogaplaryň biri dogry bolmalydyr;
4.5. Telebäsleşigiň 1 sanynyň sowal sany, wagty, utuklary we ýeňiji sany Guramaçylar tarapyndan kesgitlenýär;
4.6. Jemleýji tapgyrynda beriljek sowal sany, wagty we utugy Guramaçylar tarapyndan kesgitlenýär;
4.7. Telebäsleşik türkmen dilinde, zerurlyk ýüze çykanda Telebäsleşigiň ugurlary boýunça şertlerini, test sowallaryny we ýumuşlaryny rus we iňlis dillerine terjime etmek arkaly geçirilýär.
4.8. Guramaçylar tarapyndan telebäsleşik üçin okuw kitaplary, ýygyndylar, okuw gollanmalary esasynda test sowallarynyň we ýumuşlarynyň elektron gory döredilýär.
5. Telebäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak
5.1. Telebäsleşigiň netijeleri turkmentv.gov.tm saýty arkaly SMS jogaplaryň tizligi we dogrylygy we toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.
5.2. Telebäsleşigiň her tapgyrynda I, II, III orunlary eýelän ýeňijiler degişli Hormat haty we höweslendiriji sylaglar bilen sylaglanylýar.
5.3. Telebäsleşige işjeň gatnaşan okuwçylary Guramaçylyk topary Minnetdarlyk haty bilen sylaglamaga hödürläp biler.
6. Telebäsleşigi maliýeleşdirmek
6.1. Okuwçylary Telebäsleşigiň final tapgyryna gatnaşmaklary bilen bagly çykdajylar, gaýry çykdajylar Gurnaýjylaryň, hemaýatkärleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.
7. Guramaçylyk işleri boýunça jogapkärler
7.1. Türkmenistanyň Bilim ministrligi boýunça Telebäsleşigi Bilim ministrliginiň Ygtyýarlylandyrmak we bilim hakynda daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bölümi utgaşdyrýar: 44-85-42;
7.2. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti boýunça Telebäsleşigi «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy hem-de “Mahabat” müdirligi utgaşdyrýar: 44-24-97;
7.3. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy boýunça: TSTP-niň Aşgabat şäher komiteti: 22-70-38, 22-74-07
7.4. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi boýunça: 44-89-99, 44-88-81