TÜRKMENISTANYŇ 17 ÝAŞA ÇENLI ÝETGINJEK GYZLARYŇ ÝYGYNDYSY 2026-NJY ÝYLYŇ AZIÝA KUBOGYNYŇ SAÝLAMA ÝARYŞYNA GIRIŞÝÄR

Şu gün Tailandyň Çonburi şäherinde badalga alýan, 17 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň ýygyndylarynyň arasyndaky 10-njy Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysyny 19 futbolçy görkezer.

Bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň topary «F» toparça düşdi. Onuň garşydaşlary Tailandyň we Nepalyň ýygyndylary bolar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan habar berilişi ýaly, saýlama ýaryşyň öňüsyrasynda türkmen futbolçylar ýygyndysynyň baş tälimçisi Boris Borowigiň we onuň kömekçileri Begenç Garaýewiň, Halida Eşniýazowanyň hem-de Mariýa Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda taýýarlyk ýygnanyşyklaryny geçirdiler.

Biziň ildeşlerimiz ilkinji duşuşygy Tailandyň ýygyndysyna garşy geçirip, 15-nji oktýabrda Nepalyň garşydaşlary bilen duşuşarlar. Çonburidäki saýlama ýaryş 17-nji oktýabrda Tailandyň we Nepalyň futbolçylarynyň duşuşygy bilen tamamlanar.

Final ýaryşyna ýollanma ugrunda sekiz toparça bölünen 27 ýygyndy toparlar bäsleşer.

Final tapgyra her toparçanyň ýeňijileri çykarlar. Olar ýaryşyň soňky tapgyrda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFC) dört ýygyndysyna goşular: KHDR, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Hytaý. Bu toparlar 2025-nji ýylda Marokkoda FIFA-nyň 17 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Dünýä çempionatyna bäsleşiksiz gatnaşmaga hukuk gazandylar. Netijede, 2026-njy ýylyň 30-njy aprel bilen 17-nji maý aralygynda Hytaýda final ýaryşda ilkinji gezek 12 topar çykyş eder – bu öňki çempionatdan dört esse köpdir.

turkmenistan.gov.tm