IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Il saglygy – ýurt baýlygy» atly şygar astynda duşuşyk çäresi geçirildi.

Onda çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalarynyň miwesidigini buýsanç bilen bellediler hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglyk ulgamynda zähmet çekýän göreldeli işgärlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Baýramgül ESENOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 36 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ DAÝANJY

17 Oktýabr 2025 | 48 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI