Ýurdumyzda 10-njy oktýabr Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara mejlisiň deputatlary, il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly enelerimiz, saglyk ulgamynda zähmet çekýän lukmanlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Gurluşygyna badalga berilen bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin zerur şertler dörediler diýip çykyşlarda bellenildi.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde saglyk ulgamyny ösdürmek bilen bagly birnäçe saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler, köpugurly hassahanalar, şypahanalar açylyp halkymyza hyzmat edýär. Şunuň bilen bir hatarda, saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şertler döredilip berilýär.
Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Merjen MUHAMMETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.