SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Saglyk bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Saglyk ynsan ýaşaýşynyň esasy özenidir.

Sagdynlygyň we abadançylygyň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy boýunça alnyp barylýan beýleki giň gerimli işler uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, derman kärhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Munuň özi raýatlaryň saglygy, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döwletimiziň alyp barýan işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Zübeýda GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.