GÜÝÇLÜLERI ÖŇE SAÝLAN ÝARYŞ

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebinde futzal boýunça ýaryş geçirildi.

Ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda çekeleşikli geçen ýaryş Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady bolsa, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmekden, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden, futzal sporty boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy.

Ýaryşyň netijesinde ökdeler öňe saýlanyp, «Galkan» topary ýeňiji boldy. Bu sport çäresinde ýokary netije görkezen ýaş türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Azat HALMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 27 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYKLAR

23 Oktýabr 2025 | 21 okalan

PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILDI

22 Oktýabr 2025 | 81 okalan

ÝAŞ WOLEÝBOLÇYLAR ÝARYŞDYLAR