Ýakynda türkmenistanly ýaşlaryň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «БерегA» atly halkara forumyna gatnaşdylar. Bu forum diňe bir ýaşlaryň tejribe alyşýan ýeri bolman, eýsem dürli ýurtlaryň we sebitleriň ýaşlaryny bir ýere jemleýän giň meýdança boldy. Oňa Russiýanyň dürli sebitlerinden, şeýle hem Gazagystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Belarusiýadan we Abhaziýadan gelen ýaşlaryň topary gatnaşdy. Bu halkara foruma Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekili hökmünde gatnaşmagymyz biziň üçin uly tejribe boldy.
«БерегA» halkara forumy ýaşlaryň arasynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek, döredijilik ukyplaryny ösdürmek we geljek taslamalary üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen ýylyň-ýylyna geçirilýär. Forumda dürli interaktiw sapaklar guralyp, özara pikir alşyldy we geljekki iş taslamalary ara alyp maslahatlaşyldy.
Forumyň ilkinji günlerinde Astrahan şäheriniň gözel we taryhy ýerleri bilen tanyşlyk guraldy. Wolga derýasynyň kenarýaka gözel künjekleri, şäheriň taryhy desgalary wekiliýetde oňyn täsir galdyrdy. Bu gezelençler diňe bir şäheriň taryhy we medeni durmuşyny öwrenmek üçin däl, eýsem ýaşlaryň arasyndaky gatnaşygy berkitmek üçin hem mümkinçilik döretdi.
Forumyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen pikir alşyldy, täze dostluklar döredi we bilelikde taslamalar meýilleşdirildi. «БерегA» halkara forumy biz ýaşlaryň täze mümkinçilikler bilen tanyşmagymyza, tejribe gazanmagymyza we döredijilik ukybymyzyň ösmegine uly goşant boldy.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.