Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaşlarda watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk we zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirmek, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini giňden wagyz etmek maksady bilen «Sagdyn ýörelge — sagdyn ruh» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Şabat etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Şabat etrap Geňeşiniň wekilleri çykyş edip, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň adamy ýaramaz endiklerden saplaýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Rohotaý HAÝTMETOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.