Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ylymda-bilimde uly ösüşler gazanylýar. Ýaş nesilleriň zehinlerini ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň çagalar sungat mekdebinde ýaş suratkeşleriň gatnaşmagynda «Çagalaryň sungat mekdebi» atly söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda çagalar özleriniň durmuşynda surat çekmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygy, onuň pikirleniş bilen gönüden-göni baglydygy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar sungat mekdepleriniň ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendigi barada täsirli gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Akjagül AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.