Häzirki döwürde halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň ynamly gurallarynyň biri hem medeniýetdir. Sungat, edebiýat, medeni miras we milli däp-dessurlar halklary birleşdirýär, olaryň arasynda ynanyşmak we dostluk köprülerini gurýar. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň gatnaşyklarynda-da medeni diplomatiýa möhüm orny eýeleýär.
Köneürgenç, Gadymy Merw ýaly şäherleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, şeýle hem bagşyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, küştdepdi aýdym we tans sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy dünýä halklaryny türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrýar.
Ýurduň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara festiwallarda, sergilerde we medeni çärelerde dünýä halklary bir sahnada çykyş edip, sungat arkaly dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýarlar. Bu çäreler dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar.
ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlaryň halkara medeni çärelerine gatnaşmagy olaryň gözýetimini giňeldýär, beýleki ýurtlaryň medeniýetine hormat goýmagy we olaryň arasynda dostluk köprülerini gurmagy öwredýär.
Türkmenistan — ÝUNESKO gatnaşyklarynda medeniýet ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýan, dünýä halklaryny birleşdirýän güýçdür.
Durdy MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.