Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde ylalaşan düzgünnamasy esasynda Çagalar awtoşäherçesinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen biraýlygyň çäklerinde, bu çäräniň esasy maksady – raýatlaryň ýol hereketiniň kadalary barada bilimlerini artdyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisine hormat goýujy gatnaşyklary kemala getirmeklerini wagyz etmek boýunça «Ýol hereketiniň kadalaryny bilmek we berjaý etmek biziň borjumyzdyr» ady bilen guralan bäsleşik dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Okuwçylar ýol hereketiniň düzgünleri, kadalary, ýoluň ugrunda oturdylýan birnäçe enjamlar bilen tanyş boldylar, şeýle hem özara sowal-jogap arkaly gyzgalaňly bäsleşigi dowam etdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça aýratyn tapawutlanan we oňa işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar abadan ýurdumyzda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Mähriban MEREDALIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.