TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALKYŇ BEÝIK YKBALY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşiginiň ýene bir sany ýazga geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen gepleşigiň bu gezekki sany «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi barada boldy. Gepleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde, eziz Diýarymyzda uly üstünlikleriň gazanylýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halk bilen maslahatlaşylyp kabul edilen taryhy Kararlardyr, möhüm çözgütler taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylyp, öňde duran wajyp wezipeleri kesgitlemäge, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmäge uly ýardam berjekdigi barada buýsanç bilen bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, uly ösüşleri we parahatçylygy nazarlaýan Watanymyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde, alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar