«EDEBIÝAT – DOST-DOGANLYK KÖPRÜSI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimini giňeltmegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň möhüm ähmiýeti bar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, ýetilýän belent sepgitleri we bagtyýar zamanamyzy wasp etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesli terbiýelemekde we döredijilik işine höweslendirmekde jemgyýetçilik guramalaryna, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna uly orun degişlidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr.» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda
«Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

  • bäsleşik talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilýär.
  • bäsleşige daşary ýurt dilleriniň islendiginde ýazylan, islendik daşary ýurt ýazyjysynyň hekaýasy hödürlenilip bilner.
  • terjime etmek üçin saýlan hekaýaňyz gysga bolmaly, şeýle hem asyl nusgasy bilen bilelikde (haýsy dilde ýazylan bolsa üýtgetmezden) Word formatynda ugradylmaly.
  • hekaýanyň ady we awtorynyň ady ýokarda görkezilmeli.
  • bäsleşige gatnaşyjylar diňe bir hekaýa hödürläp bilýärler.
  • bäsleşige gatnaşyjylar terjime eden hekaýasyny «Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigine diýen ýazgy bilen, özi baradaky maglumatlary (adyny, familiýasyny, okaýan okuw mekdebini, näçenji ýyl talypdygyny we telefon belgisini) ýazyp, «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň elektron poçtasyna ibermeli;
  • bäsleşige hödürlenen terjime hekaýalar 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap 31-nji noýabra çenli aralykda kabul edilip, terjimeleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan saýlanyp-seçiler.

Bäsleşigi jemlemegiň tertibi:

  •  bäsleşik 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda – Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp jemlener.
  • bäsleşikde 1 sany baş baýrak;

1 sany 1-nji orun;

2 sany 2-nji orun;

3 sany 3-nji orun;

şeýle hem birnäçe höweslendiriji baýraklar bellenilen.

  • bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

 

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1908 (Gündogar köçesi), 10-A jaýy.

E-mail salgysy: zamanturkmenistan@sanly.tm

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

«Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy: 28-14-05, 28-14-36.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşi: 44-88-55, 44-88-81.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 119 okalan

ABU ALY IBN SINA