KALBYMA ÝAZ GELER, DILIME JOŞGUN – ÜLKÄM GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLANDA

Paýtagtymyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda «Kalbyma ýaz geler, dilime joşgun – ülkäm Garaşsyzlyk toýun toýlanda» atly geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Dürli ulgamlarda zähmet çekýän we bilim alýan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen aýdym-saza beslenen dabaraly çäre baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna bagyşlandy.

Onda ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, öz erkliliginiň kepili bolan Garaşsyzlygyň mukaddesligi, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Many-mazmuny çuňňur watançylyk duýgularyna ýugrulan çykyşlaryň ählisi-de dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk dabaranyň dowamynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň baýramçylyk gutlaglary bilen ýaşlara ýüzlenip çykyş etmekleri dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Olar öz çykyşlarynda döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň – röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerini, dostluk, doganlyk ýörelgelerine eýermeklerini, maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny – agzybirligimiziň, bitewüligimiziň hem-de pähim-paýhaslylygymyzyň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini, şeýle-de beýik Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmakda, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramakda we barha artdyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Çünki, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet syýasatyna doly we dogry düşünýän, ony goldaýan ýaşlar kemala geldi. Syýasy taýýarlygy, şol sanda syýasy aňy, syýasy medeniýeti ýokary bolan ýaşlar Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe, halky bilen Watandyr», «Döwlet diňe, halky bilen Döwletdir» diýen baş ýörelgesinden ugur alýan bagtyýarlyk aňyýetini wagyz edýärler, döwrümiziň sesine ses goşýarlar.

Şunda Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Garaşsyzlyk ýyllarynyň ruhunda terbiýelenen ýaşlaryň ylymyna, bilimine, giň dünýägaraýyşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Garaşsyzlyk – türkmen ýaşlaryna, has dogrusy ähli halkymyza ylham joşgunyny berdi. Ýaşlaryň döredijilik dünýäsi halypa-şägirtlik mekdebiniň täsirinde barha kämilleşýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň edebiýatynda, sungatynda, onuň medeni ösüşlerinde döwrüň ruhunyň keşbi, möhüm meseleleriniň beýany, belent waspy şöhlelenýär. Garaşsyzlygyň bagtyýar nesli – kämil döwlete, beýik halka, mukaddes Watana we onuň ösüşine mynasyp goşant goşýan, kalby buýsançdan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdan doly nesil. Şu nukdaýnazardan täze taryhy zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen ganatly sözlerini özlerine ýörelge edinen bagtyýar ýaşlar, ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda gazanylýan beýik ösüşlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup, parahat, asuda ýurdumyzyň abraý mertebesini belende göterýärler.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan baýramçylyk aýdym-sazlary bolsa, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Dabaranyň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän, halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 69 okalan

ABU ALY IBN SINA