Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.
Aýdym-sazly dabara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň röwşen geljege tarap ynamly öňe barýandygyny açyp görkezýän ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Dabara Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby esasynda taýýarlanylan edebi-sazly kompozisiýa bilen dowam edip, onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini tüýs ýürekden goldaýandygy çeper dilde täsirli şöhlelendirildi.
Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ajaýyp sahnada ýerine ýetiren aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna, çagalar döredijiliginiň joşgunyna beslendi. Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlarydyr tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olarda türkmen halkynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjyny duýmak bolýar.
Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini giňden açyp görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Mukamlar köşgünde emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy türkmen halkynyň özygtyýarly döwletimiziň ösüşlere beslenýän täze taryhy döwrüne, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan asylly başlangyçlaryna bolan çäksiz hoşallyk duýgusyny beýan etdi. Soňky ýyllarda milli medeniýetimiz ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen halkynyň ruhy mirasy, edebiýaty we sungaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun alyp, döwrüň ruhuna laýyklykda has-da baýlaşdyrylýar. Şu günki dabaraly konsert hem munuň aýdyň güwäsidir.
Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar häzirki zaman liriki eserleri, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetiren tanslary hem tomaşaçylarda aýratyn täsirleri galdyrdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň göwün göteriji çykyşy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumymilli dabaralara beslenýän Watanymyzyň agzybir halkynyň kalbynyň senasyna öwrüldi.
Häzirki döwürde Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar aýdym-sazly çykyşlar, medeni çäreler bilen utgaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan medeni diplomatiýanyň ähmiýetini bellemek gerek. Häzirki wagtda halkara bileleşigiň türkmen halkynyň medeniýetine, däp-dessurlaryna uly gyzyklanma bildirýändigi äşgär görünýär. Ýurdumyz ata-babalarymyzyň beýik ruhy mirasyny aýawly saklap, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna saldamly goşant goşýar.
Konsertde milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlardyr häzirki zaman eserleri ýaňlandy. Eziz Watanymyzy, onuň gözelligini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi. Özboluşly däp-dessurlarymyzy beýan edýän etnografik çykyşlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy hoş owazly aýdymçylaryň eserlerine aýratyn bezeg berip, sahnada janly çykyşlaryň emele gelmegini şertlendirdi. Görnükli aýdymçylaryň ussatlygy hem-de ýaşlaryň döredijilik gözlegleri bir bitewi sazlaşygy döretdi. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.
Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen bu konsert döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny giňden açyp görkezdi. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň mazmunyny hem özünde jemleýän konsert türkmen sungatynyň mümkinçiliklerini beýan edýän žanrlaryň özboluşlylygy, ilkinji gezek ýerine ýetirilen çykyşlaryň täsirliligi bilen tapawutlandy. Artistleriň çykyşlary bir umumy mazmuny özünde jemledi. Ol bolsa Garaşsyz Watanymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüde, mähriban topragymyzyň gözelliginde, adamzadyň baky gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýolunyň waspnamasy bolan watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň ruhubelentligi we watançylyk duýgusy, parahatçylyga hem-de döredijilige ygrarlylyk wasp edildi.
turkmenistan.gov.tm