TERJIME HALKLARYŇ RUHY ÝAKYNLAŞYGYNYŇ MÖHÜM SERIŞDESIDIR

Halklaryň özara gatnaşyklarynda, olaryň ruhy taýdan baýlaşmagynda ruhy döredijiligiň bir görnüşi bolan terjime möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. “Terjime” adalgasy bir dildäki teksti ýa-da dilden amal edilýän gürrüňi başga bir dilde beýan etmekligi, şol teksti ýa-da gürrüňi terjime edilýän dilde täzeçe döretmekligi aňladýar.

Milletleriň özara gatnaşyklarynyň serişdesi hasaplanýan terjime öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşlerinden alyp gaýdýar. “Dragomonlar” diýlip atlandyrylan ilkinji dilmaçlar biziň eýýamymyzdan öňki üç müňýyllykda Gadymy Müsürde döräp, müsürliler bilen nubiýlileriň arasyndaky gatnaşyklary amala aşyrmakda möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdirler.

Dilleri baýlaşdyryjy serişde hökmünde gazanylan medeni hem ylmy üstünlikler terjimäniň üsti bilen beýleki milletleriňem ruhy baýlygyna öwrülýär. Terjime halklary biri-biriniň ruhy durmuşy bilen tanyşdyrýar, olary ýakynlaşdyrýar. Terjime arkaly özara peýdaly pikirler, iň gowy usullardyr-däpler alşylýar.

Ruhy gymmatlyklary dünýä ýaýmakda terjimäniň ähmiýetiniň bimöçber uludygyny Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden döreýän ajaýyp eserleriniň dünýä dilleriniň ençemesine edilen terjimeleri hem tassyklaýar.

Çeper eserleriň, ylmy, jemgyýetçilik-syýasy, taryhy-pelsepewi edebiýatyň terjime edilmegi, iki hem köp dilli terjime sözlükleriniň neşir edilmegi, dürli okuw kitaplarydyr-gollanmalarynyň terjimeleri edebi diliň ösmegine, diliň sözlük düzüminiň kämilleşmegine ýardam edýär, diliň täsir edijilik-çeperçilik serişdelerini işjeňleşdirýär. Terjime aýry-aýry halklaryň taryhynda, umuman dünýä medeniýetinde möhüm ähmiýete eýedir. Ol irki döwürlerden bäri alymlaryň, terjimeçi ýazyjylaryň we beýlekileriň ünsüni özüne çekýär. Terjimä dahylly dürli pikirler, garaýyşlar ýüze çykýar, ylmy işler peýda bolýar.

Terjime adamzadyň meşgullanyp ugran iň gadymy kesp-kärleriniň biridir. Şeýle bolsa-da, terjimäniň nazaryýeti entek ýaş ylymlaryň hataryna girýär. Terjime sungaty bilen biziň taryhy ähmiýetli maglumatlary öwrenmäge mümkinçiligimiz bar. Diňe dürli dilde gepleýän adamlaryň terjimäniň üsti bilen biri-biri bilen düşünişýändigi üçin, biz taryhyň gatlaryna ser salyp bilýäris.

Sona JUMAÝEWA,

Kerki etrabynyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen

7-nji orta mekdebiniň mugallymy, IÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2025 | 37 okalan

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGI

16 Sentýabr 2025 | 48 okalan

ÝOLYŞYK — BIZIŇ DOSTUMYZ