Dünýäde parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän beýik ýörelgämiz bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrmagy ählimizi çäksiz buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby dünýä halklaryna parahatçylykly, ynanyşmakly gatnaşyklaryň gymmatyny açyp görkezýän eserdir. Kitapda halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we parahatçylygyň esaslarynyň biri hem olaryň medeni mirasyna, däp-dessurlaryna we ruhy gymmatlyklaryna goýulýan hormatdyr diýip bellenilip, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden baý ruhy medeniýeti, milli aýratynlyklary, adamkärçilikli ýörelgeleri çuňňur seljerilýär.
Ata-babalarymyz öz eziz Watanyny döş gerip goramak bilen birlikde, milli gymmatlyklaryny — ene dilini, däp-dessurlaryny, ruhy ýörelgelerini hem merdanalyk bilen saklapdyrlar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip, biziň döwrümize çenli ýetipdir. Birek-birege hormat goýmak, agzybirlikde ýaşamak, ýaşlara terbiýe bermek, beýleki halklaryň medeniýetine sylag bilen garamak ýaly häsiýetler halkymyzyň kalbynda berk ornaşyp, häzirki döwürde hem jemgyýetimiziň ruhy sütünine öwrülipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eseri filosofiýa, taryh we edebi oý-pikirlere baýdyr. Bu kitap diňe bir halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny açyp görkezmän, eýsem ähli dünýä halklaryna gönükdirilen ýüzlenme hökmünde ýaňlanýar. Bu eser diňe bir döwrüň däl, eýsem, bütin adamzadyň ruhy mirasynyň bir bölegi bolup durýar.
Ogulsapar BABYLOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.