Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň ösüşine giň ýol açýan möhüm başlangyçlaryň biri hem — ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy halk bilen maslahatlaşmak, ilatyň tekliplerine daýanyp çözgüt kabul etmek ýaly gadymdan gelýän ýörelgelerimizi dowam etdirip, döwletlilik binýadynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Ýokary wekilçilikli edara ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we medeni ugurlarynda alnyp barylýan işlere ilatyň giň gatlagynyň gatnaşmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtda, halk bilen döwlet arasynda berk arabaglanyşyk döredilip, giň jemgyýetçilik goldawy bilen milli bähbitli başlangyçlar durmuşa geçirilýär.
Her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilip, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.
Konstitusiýamyzda adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän ýörelge esasynda ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Bu gün halkymyzyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýan jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär.
Biziň her birimiziň şeýle bagtyýar, asuda döwürde ýaşamagymyz uly bagt. Berkarar zamanamyzda halkymyz baý taryhy mirasyny, millilige we döwrebaplyga daýanýan ýörelgelerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmun bilen ösdürýär. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine hem-de halkyň ruhy taýdan galkynmagyna uly itergi berýär.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.