Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boljak umumymilli foruma Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bosagasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle möhüm senäniň öňüsyrasynda geçirilýän mejlis milli ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orna eýe bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda alnyp barylýan özgertmelere täze itergi bermek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly teklipler hem mejlisiň gün tertibiniň esasy bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň pikirlerini jemleýän, döwletimiziň öňünde duran täze wezipeleri kesgitleýän möhüm syýasy çärä öwrüler. Bu mejlisde kabul ediljek çözgütler halkymyz üçin täze ösüşlere ýol açar. Nobatdaky umumymilli forum ýurdumyzda demokratik esaslaryň giňden ornaşdyrylmagyna, jemgyýetiň islegleriniň döwlet derejesinde beýan edilmegine hyzmat eder. Bu mejlis ýurdumyzyň ösüş ýolunda täze maksatlaryň, täze başlangyçlaryň öňe sürülýän möhüm meýdançasyna öwrüler. Ol halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we döwlet bilen jemgyýetiň ýakyn hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany bolar.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.