2025-nji ýylyň 4-5-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanda durnukly energiýa geçişini we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşini üpjün etmek üçin öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak» atly duşuşyk geçirildi. Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Duşuşykda daşary ýurt wekilleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň energetika pudagynda ýokary derejeli taslamalary alyp barýan, kanunçylyk ulgamyna jogap berýän hünärmenler çykyş etdiler. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bu babatda halkara derejesinde ýetilen üstünlikler, ýurdumyzda gün, ýel ýaly energiýa çeşmelerini özleşdirmekde gazanylan netijeler barada duşuşykda çykyş edenler bellediler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Metan borçnamasy, bu babatda häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyk namalary dogrusynda taýýarlanan çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
2 gün dowam eden duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni.