BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.

Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertleriň döredilmegi ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Olarda aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.

Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Şahnoza GAPPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünarmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 35 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 368 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 360 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM