TARYHYMYZ NESILLERE NUSGADYR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bilelikde guramagynda arheologlaryň we etnograf alymlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerde ylmy-barlag işleri geçirildi we onuň dowamynda taryhy ýadygärliklerimize gezelenç çäresi guraldy.

Çäräniň dowamynda arheologlaryň, etnograf alymlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň çykyş etmeginde welaýatyň mekdepleriniň ýaşlaryna taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we geljekki nesiller üçin aýawly saklamagy wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler taryhy ýadygärliklerimizi aýap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamaga, dünýä halklaryny medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýnur ÝUSUPOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 55 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ GIREWIDIR

08 Sentýabr 2025 | 106 okalan

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ ŞUGLASY