GYZYKLY GEZELENÇ GURNALDY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada işjeň agzalaryň, talyp ýaşlaryň we welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen.

Gezelenjiň dowamynda işjeň agzalar hem-de talyp muzeýiň “Garaşsyzlyk” zalyna gezelenç etmek bilen Garaşsyzlygymyzy gazanan ýylymyzdan bäri 34 ýylyň içinde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere maketlaryň, fotosuratlaryň üsti bilen syn etdiler.   Halk Maslahatynyň geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda  taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Laçyn AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Sentýabr 2025 | 101 okalan

GARAŞSYZ ÝURDUŇ WASPY DILLERDE

05 Sentýabr 2025 | 83 okalan

BIZ ŞADYÝAN KÖRPELER