Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda aýdylýan çözgütlerini giňişleýin düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maslahat duşuşykda çykyş edenler gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen üçünji maslahaty hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak bilen birlikde bütin dünýä üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açandygyny bellediler. Eziz Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Awazada geçirilen bu halkara forum jahan içre uly seslenme döredýändigini buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä äşgär edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sähragül IŞANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.