TÄSIR GALDYRAN DUŞUŞYK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, Balkanabat şäher  Geňeşleriniň, Türkmennebit döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen çözgütleri giňişleýin düşündirmek maksady bilen brifing duşuşygy geçirildi.

Brifing duşuşykda çykyş edenler Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçmegi we onuň çäginde göz öňünde tutulan forumlar barada belläp geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda esasy resminamalarynyň biri bolan Ýaşlar jarnamasynyň we onuň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Brifing duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä äşgär edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gözel SAPARMÄMMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 2 okalan

SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

31 Oktýabr 2025 | 3 okalan

ÇAGA TERBIÝESI – BAGTYÝAR GELJEGIŇ NURY

28 Oktýabr 2025 | 61 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER