BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR KÖRPELERI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda çagalaryň okamagy, öwrenmegi we döredijilik bilen ýakyndan gyzyklanmaklaryny gazanmak maksady bilen etrabyň 3–nji çagalar bakja–bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar körpeleri» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykada hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller hakynda edýän aladalarynyň bimöçberdigini, ýaşlarymyza Watanymyzyň geljegini gurujular hökmünde garaýandygyny, bagtyýar nesilleriň okap öwrenmegi üçin döwrebap şertleriň döredilip berilýändigini, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglaryny, orta mekdeplerini gurup ulanmaga berilýändigini bagtyýar körpelere sada dilde düşündirýän täsirli çykyşlara uly orun berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar nesilleriň okamagy, öwrenmegi, halal zähmet çekmegi ugrunda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

WATAN MUKADDESLIGI

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 50 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 44 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 38 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY