Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 2118 harby bölüminde harby gullukçylaryň gatnaşmagynda «Watan mukaddesligi» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur almaklaryna, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna gönükdirilen netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada aýdyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy barada uly alada edýändigini belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin uly aladalary edýän, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.